Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Peter wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köptaraplaýyn esasda işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň oňyn netijeleri, şeýle-de «Ýol kartasynda» 2026-njy ýylda göz öňünde tutulan işler barada pikir alşyldy.
Türkmen tarapy Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýetini toplanan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalaryndan gelip çykýan kadalary ýurdumyzyň milli kanunçylygyna girizmek arkaly zähmet kanunçylygyny, adam hukuklaryna, çagalaryň we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna degişli kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Peter wan Roý Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelerine ýokary baha berip, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny beýan etdi.