Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, şeýle hem Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanalarynyň goldaw bermeginde guraldy.

Dabara Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar bu okuw maslahatynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, tejribe we bilim alşygyny ýola goýmaga, sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde diplomatik tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa maslahatyň açylyşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag özara baglanyşygyny ösdürmäge we halkara hukuk tertibini berkitmäge gönükdirilen BMG-niň köptaraplaýyn başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

Şu nukdaýnazardan, bu okuw maslahaty gatnaşyjylaryň BMG-niň institusional gurluşy we ählumumy çözgütleri kabul etmegiň gurallary baradaky bilimlerini çuňlaşdyryp biljek möhüm bilim platformasydyr. Okuw maslahatynyň esasy wezipeleriniň biri hem, soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekden ybaratdyr.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we eýýäm öz netijeliligini subut eden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, agzalan Dialogyň nobatdaky duşuşygynyň şu okuw maslahatynyň çäklerinde geçiriljekdigi, munuň bolsa sebitiň ýaş liderleriniň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine hyzmat etjekdigi bellenildi.