Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we olaryň ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Ministrler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly gepleşigiň jemleri boýunça taraplar netijeli dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.