Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi
2025-nji ýylyň 13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy-barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň hem-de 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda baglaşylan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga goşmaça hökmünde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyklara gatnaşyjylar taslamalaryň taýýarlanyşynda gazanylan öňe gidişlikleri belläp geçdiler we bilelikdäki işi dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň özboluşly biologik köpdürlüligini goramaga we aýawly saklamaga aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek möhümdir. 2025–2026-njy ýyllarda Türkmenistan Hazar deňziniň biologik suw serişdelerini goramak, ýerlikli peýdalanmak we olaryň umumy gorlaryny dolandyrmak boýunça Komissiýada başlyklyk edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutýan garaýyşlarynda ýurduň Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmek ugrunda işjeň hereket etmegi maksat edinýändigi anyk beýan edilendir.
Daşary ýurtly bilermenler gepleşikleri ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.