Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15–16-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Polýarlykdan hyzmatdaşlyga: halkara ulgamyna bolan ynamy dikeltmek» şygary bilen Astana Think Tank Forum 2025 atly halkara forumy geçirildi. Foruma hökümet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, we Gazagystan Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekillerini gatnaşyp, häzirki döwürde dünýä syýasatynyň möhüm wehimleri, şeýle hem ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary boýunça giň gerimli pikir alyşdylar.

2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda forumyň çäginde «Merkezi Aziýa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk forumy — dünýä howpsuzlygynyň çylşyrymly gurluşyndaky Merkezi Aziýanyň wezipesi: kynçylyklar we mümkinçilikler» atly ýörite geçirilen sessiýada “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mowzugyna bagyşlap Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow çykyş etdi.

Sessiýanyň dowamynda Merkezi Aziýada durnuklylygy we asudalygy üpjün etmekde bitaraplygyň ornyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitiň hem-de dünýäniň umumy parahatçylykly ösüşinde möhüm ornunyň barlygy nygtaldy. Bitaraplygyň türkmen nusgasy halkara jemgyýetçiligi hususan-da Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilip, parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň iň möhüm netijeleriniň biridir. Merkeziň parahatçylyk başlangyçlaryny ilerletmekde işjeň orny çäre gatnaşyjylarynyň arasynda oňyn seslenme boldy.

Türkmenistanyň energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny ilerletmekde ähmiýeti, şeýle hem ýurduň Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günorta arasynda strategik “köpri” hökmünde eýeleýän orny forumyň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde boldy.

Forumyň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyny daşary syýasatyň özboluşly nusgasy we parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň täsirli guraly hökmünde öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.