Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag “akylly” şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi we saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmegi daşary ykdysady syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitleýär. Şunda ýurdumyz ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.
Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygy boýunça iri taslamalary amala aşyrmakda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Kawasaki” kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu kompaniýa Türkmenistanda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we Kenji Sanada geljekki täze taslamalar barada pikir alyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň “Kawasaki” kompaniýasynyň innowasion taslamalar babatda tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler we şertler üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.