Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl bilen duşuşygy geçirildi.

Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda BMG-niň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işi, şeýle hem Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji bilelikdäki okuw maslahatynyň geçirilmegi sebitleýin utgaşygyň iş ýüzündäki mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine we mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işlerine aýratyn üns berdiler. Bu merkez öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryna esaslanyp, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge we parahatçylygy gurmak gün tertibi boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga möhüm goşant goşýar.