Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň, şeýle hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän okuw maslahaty ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýagdaýyny döretmäge hem-de goňşy ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň hem-de Italiýanyň we Şweýsariýanyň Ilçihanalarynyň ýardam bermeginde guralýan okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, professor-mugallymlar we talyplar, şeýle hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşigine gatnaşyjylar gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy (UNRCCA) Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luiji Ferrari, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşliýew çykyş etdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, depginli üýtgeýän dünýäde diňe bir hünär ussatlygy däl, eýsem ählumumy hereketlere çuňňur düşünmek hem möhümdir. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwletleriň halkara işlerine netijeli gatnaşmagynyň möhüm şertine öwrülýär.
Dabara gatnaşyjylar bu çäräniň bilimleri kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bir hatarda Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ýaş liderleriň we diplomatlaryň ösüşini goldamaga ymtylýandygy, şonuň üçin hem BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sebitiň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahatyny geçirmäge ýardam berýändigi bellenildi. Munuň özi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň diplomatlarynyň arasynda ýakyn hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrundaky has uly tagallanyň bir bölegidir.