Türkmenistan we Hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar.

Iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklar hem täze netijeli badalga gazandy.

Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.

Taraplar iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň milli bähbitlerine we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.