Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik barada

2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berdiler.

Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarlardaky gatnaşyklary giňeltmek hem-de berkitmek meselelerinde konstruktiw garaýyş nygtaldy.