Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.  

Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzda adam hukuklary çygrynda amala aşyrylýan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny”, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek ugrunda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzüm birlikleri we beýleki halkara guramalar bilen işjeň, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Pudagara topary ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň  ulgamlaýyn alynyp barylýandygyny mejlisde çykyş edenler bellediler.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kanunçylygynyň milli tejribeleri, şeýle hem halkara hukugynyň umuy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýändigi beýan edildi.

Şu nukdaýnazardan, hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramakda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetleriniň jemleýji maslahatlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan işleriň wajyplygyna üns berdiler.

Maslahatyň gün tertibinde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň - Adalatçynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şeýle-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde yzygiderli alnyp barylýan işleriň düzüminde zähmet gatnaşyklaryny netijeli we döwrebap guramaga gönükdürilen çäreleriň toplumy möhüm orny eýeleýär. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň we halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçilikleriniň hem-de HZG bilen bilelikdäki çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen kepillendirilýän raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, işgärleriň we iş berijileriň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdürilen işleri  ulgamlaýyn amala aşyrmaga häzirki döwürde aýratyn üns berilýär.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde nygtalşy ýaly, Pudagara topar ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda, ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine uly üns berýär.      

Pudagara toparynyň Iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmek yzygiderli alnyp barylýar.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.