TÄZE ZELANDIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Sara Meri Wolş bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
M.Bäşimowa ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine ýardam we goldaw bermäge türkmen tarapynyň taýýardygyny nygtady.
Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.
Döwletara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň parlamentlerinde parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, şeýle hem iki ýurduň parlamentariýleriniň saparlaryny alyşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar, şeýle hem, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.