TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
Ozal habar berlişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar.
Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.
Foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
4-nji sentýabrda R.Meredow Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasynyň hormatly prezidenti, “CIFAL International Services” kompaniýasynyň prezidenti Žill Remi, “CARPI Tech” kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, “Bouygues” kompaniýalar toparynyň prezidenti Marten Buig, “Vinci Construction Grands Projets” kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa sapary dowam edýär.