TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝA SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar.

4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň adyna iberen salamyny ýetirdi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň gün tertibi we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde işjeňleşdirmek boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parlamentara hyzmatdaşlyk syýasy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Taraplar syýasy-diplomatik ugurda, ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri babatynda, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.