GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW MAGTYMGULY PYRAGY BARADA TÄZE GOŞGY DÖRETDI

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň türkmen halkyny, aýratynda, esasan-da, ýazyjy şahyrlary buýsandyrýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji sentýabrda ýurduň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada täze goşgy setirleri döredendigini aýtdy we bu ajaýyp goşgusyny okap berdi. Bu barada maslahat.gov.tm ýazýar.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.