DAŞOGUZ ŞÄHERI-2016-NJY ÝYLDA ARKALAŞYGYŇ MEDENI PAÝTAGTY

photo

Türkmenistan indi ikinji gezek Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde özüniň gadymy taryhyny, medeniýetini, oňyn ösüşiň ýolunda häzirki döwürde ýeten derejesini äşgär etmäge mümkinçilik aldy. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda şeýle dereje Mary şäherine berildi. Ol ýerde Arkalaşygyň çäklerinde halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini alamatlandyran giň möçberli çäreler uly üstünliklere beslenipdi.

2016-njy ýylda Daşoguz şäherine Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüt 2015-nji ýylyň oktýabrynda GDA döwetleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edildi. Gadymy türkmen şäherlerine hormatly derejäniň berilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, baý taryhy-medeni mirasyny geljek nesillere ýetirmek babatda alyp barýan işleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

            2016-njy ýylyň 30-njy martynd Daşoguz welaýatynyň merkezinde bu şähere 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeni paýtagty diýen derejäniň berilmeginiň çäklerinde guralýan çärelere badalga berildi. Dabara gatnaşmak üçin Ruhyýet köşgüne gelenleriň hatarynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň, şol döwletleriň medeni ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň sungat ussatlary hem-de döredijilik toparlary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

         Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny  uly üns bilen diňlediler.

         Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetde ösdürilýändigi, GDA-nyň çäklerinde we dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýnça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de ýurdumyzda birnäçe iri medeni forumlaryň guralýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

            Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýip yglan edilendigi baradaky sertifikaty şäheriň ýolbaşçysyna gowşurdy.

            Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmekde, onuň maddy hem-de ruhy mirasyny saklamakda hem-de wagyz etmekde, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmekde, oňa beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenlerini çekmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

         Dabara tamamlanandan soň, uly baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Onda Türkmenistanyň we Arkalaşygyň birnäçe ýurtlarynyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

            Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde şekillendiriş, amaly-haşam we fotosurat eserlerinden düzülen serginiň açylyşy boldy. Muzeýiň öňündäki meýdançada ak öýler oturdylyp, olarda amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ussatlarynyň işleri görkezildi.

            Daşoguzda geçirilen baýramçylyk çäreleri medeni maksatnmasynyň başlangyjyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň bu şähere medeni paýtagt derejesi berlen ýylyň dowamynda yzygiderli guralmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde Arkalaşygyň döwletleriniň medeniýet işgärleriniň, ýazyjylaryň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek, sungat ussatlarynyň konsertlerini guramak we beýleki halkara çärelerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylyň dowamynda sahna oýunlary, kinolar, sungat ussatlarynyň konsertleri, arheologik tapyndylaryň we çeper eserleriň sergileri geçiriler.