TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy.

ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Arkadagymyz bu sapara Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjek möhüm tapgyr hökmünde baha berýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan Türkmenistanyň öz daşary syýasatyny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýandygy nygtalyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk olaryň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝHHG bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy beýan edildi.

Aýry-aýry ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ekologiýa ulgamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň işiniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini belledi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda adam hukuklaryny goramak, demokratiýany ösdürmek, gender deňligini pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini bellediler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň oňaýly ýaşamak we zähmet çekmek üçin hemme döwrebap amatlyklara eýedigi barada aýdyldy.