AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da BMG, ÝB we ÝHHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Bu nukdaýnazardan, şu ýylyň maý aýynda döredilen Finlýandiýanyň Parlamenti bilen Parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly pikirlerini beýan etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi barada pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek teklip edildi.

Diplomatlar ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim we ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.