SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul ede...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiý...
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň...
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş...