Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi.
Ynanç hatyny gowşurmak bilen, diplomat Döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezident iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tejribesine ýokary baha berdi.
Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.