RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTAN WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleri arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sadyk Imom ýolbaşçylyk etdi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gepleşikleriň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklaryň ähm...

DOWAMY
10 Noý

SAMARKANTDA TÜRKI DÖWLETLERI GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türki döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky dokuzynjy mejlisi özbek tarapynyň baştutanlyk etmeginde Samarkantda öz işine başlady. Bu çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň baştutany, Daşary i...

DOWAMY
9 Noý

TÜRKMENISTANDA KOREÝ MEDENIÝETINIŇ GÜNLERI BADALGA ALDY

Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sung-Çul Şin şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu g...

DOWAMY
7 Noý

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE ŞAWKAT MIRZIÝOÝEW TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutanyna gadymy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi hem-de Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli...

DOWAMY
7 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň...

DOWAMY
7 Noý

OHCHR MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG AHÝK-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilşini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalaryn...

DOWAMY