BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň forumy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi.
Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň tejribe alyşmak, çözgütleri işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup durýandygyny belledi.
Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynda gender deňligini üpjün etmek boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulandygyny we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň DÇBÖBD-de zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini oňyn çözmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigine ünsi çekip, munuň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň we zenanlaryň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän zenan ýolbaşçylaryň forumy hem durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylygy, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde zenanlaryň mümkinçiliklerini açmaga itergi berýär.
Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa şu forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtap, diňe bir Türkmenistanyň zenanlarynyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselesine berýän hemişelik ünsi we goldawlary üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ol zenan ýolbaşçylaryň geljek on ýyl üçin niýetlenen Hereketleriň täze maksatnamasyny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirip, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki forumyň geçirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilýändiginiň subutnamasy bolandygyny aýtdy.
Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine döwlet dolandyryşyny pugtalandyrmagyň, syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ösüşiň inklýuziw netijelerini gazanmagyň synagdan geçen strategiýasy bolup durýandygyny belledi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bu çäräni guraýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde zenanlaryň ähmiýetli ornuny belledi.
“Gender deňliginiň üpjün edilmegi anyk çäreleri talap edýär we Hereketleriň Awaza maksatnamasy munuň üçin mümkinçilik açýar” diýip, Iwana Žiwkowiç nygtady hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Oguljahan Atabaýewa hemmeleri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, bu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde örän möhüm maksat üçin jemlenendiklerini aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa sözüni dowam edip, haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde bu düzümiň alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz çykyşyny Tereza enäniň: “Zenanlar öýüň ýüregidir. Geliň, biziň — zenanlaryň durmuşynyň esasy manysyna, ýagny söýmek, söýülmek we söýgi arkaly tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji bolmalydygymyza düşünmek üçin bilelikde doga-dileg edeliň!” diýen jümlesi bilen tamamlady.
Interaktiw ara alyp maslahatlaşmalarda bellenilişi ýaly, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek hemmeler üçin has inklýuziw, durnukly geljegi döretmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Foruma gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda geçirilýän çärä işjeň gatnaşandygy we beýan eden pikir-garaýyşlary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mümkinçilikden peýdalanyp, dünýäde howandarlyga, hemaýata mätäç çagalaryň ýagdaýyna ünsi çekmek isleýändigini aýtdy. “Bu meselede dünýä bileleşigi has işjeň we netijeli orun eýelemelidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ählimiziň eýerýän BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk ygrarly bolup, mümkin boldugyndan, möhüm çözgütleri tapmagymyz zerurdyr” diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.