SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň IV mejlisine gatnaşmak maksady bilen Täjigistan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Rustam Emomali Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman A...
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlara seredildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, t...
Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Ykdysady ösüş meseleleri boýunça hünär dialogyny giňeltmegi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hy...
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we özara gyzyklanma...
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä b...
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýeti Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi. Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem o...