SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-inde bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäräniň giriş bölüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa çykyş edip, halkara migrasiýanyň möhüm meselelerine garamakda pudagara hyzmatdaşlygyň we maglumat alyşmag...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Minsk şäherinde Ýewraziýa giňişliginde halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljegini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwletleriň we halkara düzümleriň wekillerini bir ýere jemlän Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahaty geçirildi. Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow halkara we...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtal...
Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Etiýen Berhtolddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyr...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döw...
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogy...