RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Dek

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga e...

DOWAMY
pic
5 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetara we dinara dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşler iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellen...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi. Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeý...

DOWAMY
pic
2 Dek

Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly...

DOWAMY
pic
1 Dek

Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we g...

DOWAMY
pic
29 Noý

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türki dünýäsiniň 2025-nji ýyldaky medeni paýtagty bolan Aktauda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis konstruktiw iş ýagdaýynda geçirilip, türki jemgyýetçiliginiň ýurtlarynyň medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmaga...

DOWAMY