Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri bilen duşuşyk hakynda

photo

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy.