Türkmen-slowen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-slowen gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.

Hanym Suhadolnik maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen tarapyny Merkezi Aziýa bagyşlanjak çäreleriň biri bolan Bled şäherindäki Strategiki foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.