RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan b...

DOWAMY
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ 21-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly 21-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ony Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Ketsýan alyp bardy. Duşuşyga ŞHG-nyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlaryň hökümet baştutanlary we wekilleri, ŞHG-nyň Baş sekretary, ŞHG-nyň Terrorçylyga garşy gurluşynyň ýerine ýetiriji komitetiniň müdiri, ŞHG-nyň Işew...

DOWAMY
31 Okt

TÜRKMEN-PAKISTAN PARLAMENTARA GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRYLÝAR

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kana...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINI MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hodjamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar. Hökümet Baştutanlary dar we giňeldilen formatda geçirilen ýygnaklaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatlaryň erkin söwdasy, ony döretmek, işletme...

DOWAMY
28 Okt

"MERKEZI AZIÝA - ÝEWROPA BILELEŞIGI" SAMMITI ASTANADA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Şar...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “Tokionyň Imperator köşgünde” Ilçi Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Onuň Alyjenaby Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň...

DOWAMY