Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan işjeň türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy Taraz şäheriniň ýaşlar merkeziniň döredijilik köşgünde gurnaldy.
Baýramçylyk dabarasy Taraz şäherinde ýerleşýän Dulati adyndaky uniwersitetiniň talyplarynyň çeper okaýyş arkaly ýerine ýetiren “Bagtyýar Watanyň, bagtly nesli biz” atly kompozisiýasy bilen başlandy. Konsertde mähriban Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, bagtyýar ýaşlygy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Ençe ýyllaryň dowamynda halkymyzyň arasynda uly söýgi bilen ýerine ýetirilip gelýän, nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Joşgunly türkmen talyplarynyň gazak deň-duşlary bilen daşary ýurt dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, “Ýelpeselendi” tansy hem gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.
Konserdiň dowamynda ýaňy-ýakynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen milli türkmen tansy – küştdepdi tansy uly ekranlar arkaly görkezildi. Soňra, talyplarymyzdan düzülen tans topary “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk konserdiniň esasy bölegi Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Ýaş höwesjeňler tarapyndan “Ak güllerim saňa”, “Bagt nury”, “Leýli saç hakynda rowaýat” atly eserleri uly ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Prezidentimiziň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” atly aýdymy baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilen bu aýdym, özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy.
Konserdiň dowamynda uly ekranlarda Türkmenistanyň gözel tebigatyna, kuwwatly ösüşine bagyşlanan wideoýazgylar görkezildi. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, Gazagystanyň dürli ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar bolsa bu konsert çäresine “Zoom” wideoaragatnaşygy arkaly tomaşa etdiler.