RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-eýran gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini tassykladyl...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi. Teri Hakala duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hy...

DOWAMY
pic
11 Dek

Aşgabat şäherinde Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise bu topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplyg...

DOWAMY
pic
11 Dek

Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle hem halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy...

DOWAMY
pic
11 Dek

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlar...

DOWAMY
pic
10 Dek

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekd...

DOWAMY
pic
10 Dek

Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abduladan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi m...

DOWAMY