img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Gazagystanyň Merkezi kommunikasiýalar gullugynyň müdiri bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “Merkezi kommunikasiýalar gullugy” döwlet edaranyň müdiri Askar Kuanyşewiç Umarow bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, maglumat ulgamlarynyň ösüşi, maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň tehniki hyzmaty we goldawy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Gazagystanyň Merkezi kommunikasiýalar gullugynyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasynda aragatnaşygy üpjün edýän Türkmenistanyň degişli düzüm birlikleriniň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösüşi şertlerinde hünär işindäki üýtgeýän çemeleşmeler hem garaldy, şeýle-de ýokary hünär standartlaryny berjaý etmegiň zerurlygy bellenildi.