SOŇKY HABARLAR
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler. Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanma...
“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly
“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Her çärýekde çykýan neşirde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň göwrümli makalasy 2018-nji ýylyň möhüm wakasyna — şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň d...
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...
TOKIODA GARAŞSYZLYGYŇ 27 ÝYLLYGY HEM-DE “AMUL - HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLAMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Yaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Maslahatyň barşynda Ilçihananyň işgärleri häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli adamzat bähbitli başlangy...
Parahatçylygyň we howpsuzlygyň strategiýasy: terrorçylyga garşy tagallalary birleşdirmek
Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri hökmünde dünýä syýasatynyň doly hukukly agzasy bolup adamzada garşy howplara, ilki bilen terrorçylygyň we radikalizmiň dürli görnüşleri bilen göreşmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga özüniň saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün terrorçylyk bilen göreş BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary tarapyndan bellenilen ýaragsyzlandyrmak we ýaýratmazlyk, ulag we energetika, ekolog...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....
TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...