SOŇKY HABARLAR
GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI
Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera z...
Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi
Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy. Ýaryşyň birinji tapgyrynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilkinji minutda belarusly garşydaşyny pilçesiniň üstüne taşlady hem-de arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda biziň türgenimiz Russiýanyň pälwany bilen duşuşdy. Bu tutluşygy hem Döwletmyrat ynamly geçirdi. Ol ilkibaşdan ýagdaýlary ele alyp...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...
TÜRKMENISTANDA SEBITIŇ IŇ IRI GAZ-HIMIÝA TOPLUMY IŞE GIRIZILDI
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür d...
Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy. Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna giriz...
Ýokary döwlet sylaglary — milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant üçin
Şu gün deňizýakasyndaky şäheriň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik işgärlerini her ýyl döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy ýurdumyzyň Baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär, munuň özi döredijilik işgärleriniň öz...
«AMUL–HAZAR 2018» AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy – “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Ralliniň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy Balkan welaýatynyň baş baýdak meýdançasynda geçirildi, bu ýerde podium goýuldy. Hormatly Prezidentiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňij...