SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA HAZAR DEŇZI INSTITUTY DÖREDILDI
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Permana laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edildi we Hazar deňzi instituty onuň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi. Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we m...
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENSTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfe...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ELMAR MAMEDÝAROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby - Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz? Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýakym...
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen söhbetdeşlik
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA HALKARA TEGELEK STOLY AŞGABATDA GURALDY
2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ö...
GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETLERINIŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...