ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.

Italiýa Respublikasynyň Ilçisi öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly derwaýys meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä Türkmenistanyň hem-de Italiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.