RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Maý

Türkmenistanyň DIM-de Latwiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Reýnis Trokşanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadyl...

DOWAMY
21 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutanyna Pr...

DOWAMY
20 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan maslahat

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijelerine we «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R...

DOWAMY
20 Maý

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi. Bu betbagtçylygyň ähli türkmenis...

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi

Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

DOWAMY