RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň - GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bil...

DOWAMY
23 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşl...

DOWAMY
22 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýdanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Portugaliýanyň köptaraplaýynlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, dürli halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Taraplaryň pikirine görä, şeýle h...

DOWAMY
22 Maý

Norwegiýanyň we Şwesiýanyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurt...

DOWAMY
22 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky...

DOWAMY
21 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar. Gep...

DOWAMY
21 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynda Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy we ol ýerde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary bilen baglanyşykly matam çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş jaýynda R.Meredow, Türkmenistanyň...

DOWAMY