SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Somaliniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary hyzmatdaşlygy giňeltmek niýetini beýan etdiler
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Somali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli...
Baş sekretaryň kömekçisi, BMGÖM-iň Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin Sebitleýin býurosynyň direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda durnukly ösüş, sanly öwrülişik, ykdysady durnuklylyk, inklýuziw ösüş we howanyň üýtgemegine uýgu...
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Ra...
Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...
Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...
В честь 30-летия нейтралитета Туркменистана: символическая акция в столице Казахстана
По инициативе Посольства Туркменистана в Республике Казахстан в честь Международного Года мира и доверия, а также в связи с исторической значимостью 2025 года в развитии Независимого Туркменистана — 30-летием признания ООН правового статуса Постоянного Нейтралитета Туркменистана в городе Астана, на экране центральной набережной прошла двухдневная акция - демонстрируется цветное изображение логотипа 2025 года. Это мероприятие является символом активной поддержки Казахстана миролюбивых инициати...