SOŇKY HABARLAR
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda duşuşuyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iş sapary bilen Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen boldy. 24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar....
Gazagystan Respublikasynyň DIM-däki duşuşyk
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministr M.Nurtleu Türkmenistany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine bola...
Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Ýewropa parlamentiniň arasynda şol gün geçilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygy belle...
HHR-yň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Tar...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Döwlet Baştutanymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň...
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Türkmenistanyň we BMG-niň bilelikdäki çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşd...