Halkymyzyň "GÖROGLY" şadessany ýunesko-nyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny girizdi.
ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “ “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançylar Türkmenistanda bu däpleri saklaýjylar bolup durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym aýtmagy we saz çalmagy özünde jemleýär.
Türkmen halky gahrymançylykly eposlary we şadessanlary asyrlaryň jümmüşinden geçirdi. Olarda bagtyýarlyk, azat durmuş baradaky arzuw-hyýallar beýan edilýär, ol eserler çuňňur paýhasa, ajaýyp durmuşa bolan söýgä ýugrulyp, häzirem adamlaryň kalbyny şatlandyrýar. Muňa halkymyzyň “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da Sanawa Koreýa, Gresiýa, Indoneziýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Efiopiýa, Namibiýa, Peru, Rumyniýa, Slowakiýa, Wenesuela, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletleriň dürli däp-dessurlary girizildi. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna şu güne çenli jemi 314 sany nusgalar girýär.