img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada

photo

2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.

​Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

​Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.