Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisiniň L.N. Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen geçiren duşuşygy
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň gatnaşmagynda Gazagystanyň L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi.
Çärä bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Ilçi özüniň çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýaşlar syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleri, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň geljegi üçin edýän tagallary we bu ugurdaky ileri tutulýan wezipeleri beýan etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýaşlara we ýurduň ösüşine gönükdirilen giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, ylym-bilim hem-de durmuş-ykdysady pudaklarynda alnyp barylýan özgertmeler hakynda berlen maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Şeýle hem Ilçi Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri, döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň esasy meseleleri, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we ykdysady ösüşi pugtalandyrmak ýaly meseleler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik we oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň zerurlygy nygtaldy.
Ilçi çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky çykyşyna aýratyn üns çekip, ýurduň dostlukly bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygy ýene-de bir gezek tassyklady.
Okuw maslahatynyň barşynda bellenişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşiniň strategik ugrunyň esasy maksady – öňegidişligi üpjün etmek bolup durýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky giň gerimli ösüşler, oýlanyşykly hem-de ölçegli alnyp barylýan milli strategiýanyň netijesidir. Bu strategiýanyň özeninde bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýugrulan kadalary, ýagny birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk we dost-doganlyk ýörelgeleri durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar Prezidentiň we Milli Lideriň daşyna jebisleşen agzybir, bitewü güýç hökmünde çykyş edýärler.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň adyndan L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetiniň kitaphanasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher galamyndan çykan kitaplary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem uniwersitetde aýratyn tapawutlanan türkmen talyplaryna we mugallymlaryna Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan minnetdarlyk we hormat hatlary gowşurylyp, çäräniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.
Okuw maslahatynyň ahyrynda Ilçi talyplaryň okuw üstünlikleri we olaryň ýaşaýşy bilen gyzyklanyp, sorag-jogap alyşdylar.