Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji sentýabryndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini şu ýylyň oktýabrynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.