Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de beýleki döwletleriň wekiliýet Baştutanlary, köp sanly hormatly myhmanlar öz ýerlerine geçdiler.
Açylyş dabarasyndaky çykyşlardan soňra, stadionda Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senasy we Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň senasy ýaňlandy.
Çarwadarlaryň oýunlaryny geçirmek baradaky pikiriň ilkinji gezek Gyrgyzystanda dörändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýanyň taryhy çarwa halklarynyň milli oýunlary esasynda guralýan bu iri ýaryşlar häzirki günde dünýäniň çar künjeginden toparlary we gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.
Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki oýunlarda hem dowam etdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ähli sebitlerine wekilçilik edýän ýigitleriň suw meşikleri bilen çäräniň geçirilýän ýerine gelmegi açylyş dabarasynyň möhüm bölegi boldy.
Soňra ýurtlaryň ýygyndy toparlary milli baýdaklary bilen dabaraly ýöräp geçdiler. Şu gezekki ýaryşlarda gatnaşyjylar sportuň 21 görnüşi, şol sanda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, aň-paýhas oýunlary, başa-baş söweşler, ýaýdan ok atmak, el guşlar bilen aw awlamak we beýleki milli oýunlar boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda Türkmenistana 29 türgen wekilçilik edýär.
Oýunlaryň açylyş dabarasynda gazak halkynyň medeni mirasyny şöhlelendirýän sahna çykyşy, halklaryň dostlugy baradaky aýdym-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Dabara dürli reňkli feýerwerkler bilen tamamlandy.