BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli halkara guramalary bilen alyp barýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy bellenildi.
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şeýle hem «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda komitetiniň, Çaga hukuklary baradaky komitetiniň çäklerinde geçirilýän gepleşikleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň jemleri boýunça hödürlenen teklipleri durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýän edildi.
Söhbetdeşler BMG bilen «Adam hukuklary ulgamynda bilimler» ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.