SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisi Gazagystanyň Merkezi kommunikasiýalar gullugynyň müdiri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “Merkezi kommunikasiýalar gullugy” döwlet edaranyň müdiri Askar Kuanyşewiç Umarow bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, maglumat ulgamlarynyň ösüşi, maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň tehniki hyzmaty we goldawy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gazagystanyň Merkezi kommunikasiýalar gu...
BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda M.Safarli özüni BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili wezipesine bellenilendigi baradaky haty türkmen tarapyna gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Daşary işler...
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary gi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2026-njy ýylyň 17-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda...
Türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen Ýewraziýa milli uniwersitetinde tegelek stol geçirildi
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan türkmen talyplaryny 2026-njy ýylda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — maksada okgunly ganatly bedewleriň Watany» atly tegelek stol geçirildi. Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary...
Türkmenistanyň DIM-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary, Ilçi Kaýrat Sarybaý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmany mähirli garşylap, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkar...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar görkezildi. Çykyş wagtynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň elementlerini, şeýle hem meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri we...