SOŇKY HABARLAR
AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň ikinji prezidenti j-p Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar dürli ugurlarda, hususan hem syýasatda, ykdysadyýetde, energetika pudagynda we medeni-gumanitar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gün tertibi barada ikitaraplaýyn gyzyklanma bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2016 2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY TASSYKLADY
2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady. Hereketleriň milli Meýilnamasynyň esasy maksady – adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler mnistrliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Owgan wekiliýetine ýurduň Maliýe ministri jenap Eklil Ahmad Hakimi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýanyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler. Ýagny taraplar sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlar boýunça ösdürmegiň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdyl...
AŞGABATDA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERIŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2015-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny: durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi.Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, birnäçe ýokary...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Halkymyzyň "GÖROGLY" şadessany ýunesko-nyň sanawyna girizildi
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny girizdi.ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “ “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançyl...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...