RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler mnistrliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Owgan wekiliýetine ýurduň Maliýe ministri jenap Eklil Ahmad Hakimi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýanyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler. Ýagny taraplar sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlar boýunça ösdürmegiň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdyl...

DOWAMY
pic
30 Dek

AŞGABATDA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERIŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2015-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny: durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi.Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, birnäçe ýokary...

DOWAMY
pic
24 Dek

"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň w...

DOWAMY
pic
17 Dek

Halkymyzyň "GÖROGLY" şadessany ýunesko-nyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny girizdi.ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “ “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançyl...

DOWAMY
pic
13 Dek

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.

DOWAMY
pic
30 Noý

Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...

DOWAMY