SOŇKY HABARLAR
Milli ýörelgeler — türkmen halkynyň ruhy binýady
Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessur...
Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konser
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Bu baýram özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyş...
Pygy Baýramdurdyýew Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 27 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de okgunly ösüş arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkme...
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...