img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Awg

TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky ça...

DOWAMY
pic
22 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SZILIN WELAÝATYNDA GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 22-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO bilen bagly çärelere, şeýle hem EKSPO-nyň çäklerinde geçirilýän «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostluk sergisine we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilyna gatnaşmak maksady bilen Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde iş saparynda boldy. Çançun şäher...

DOWAMY
pic
21 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI «C5+1» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün, 21-nji awgustynda Nur-Soltan şäherinde «C5+1» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly ulgamlarda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň arasyndaky özarahereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýandyr. Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid...

DOWAMY
pic
20 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellä...

DOWAMY
pic
19 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly  ösdürilmegine goşan şahsy...

DOWAMY
pic
19 Awg

BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...

DOWAMY
pic
16 Awg

AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...

DOWAMY